HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Malaýziýa maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

Awgust 23, 2023 | 19:16 |6485
Syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlar boýunça köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi türkmen-malaýziýa daşary işler ministrlikleriň arasynda geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn ýagdaýda geçirildi diýip,  ýerli Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlar boýunça köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi türkmen-malaýziýa daşary işler ministrlikleriň arasynda geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn ýagdaýda geçirildi diýip,  ýerli Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlar boýunça köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi türkmen-malaýziýa daşary işler ministrlikleriň arasynda geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn ýagdaýda geçirildi diýip, ýerli Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasynda ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi barada gürrüň edildi. Şeýle hem, taraplar maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanlaşdyrmak babatynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Duşuşykda, ýurtlaryň arasynda ynsanperwerlik pudagynda syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly tejribäniň we mümkinçiligiň bardygy nygtaldy. Diplomatlar iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlarynyň wekilleriniň arasynda gyzyklanýan ähli ugurlarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge goşant goşýan bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin gatnaşyklary güýçlendirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäginde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky özara niýetlerini tassykladylar. Iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň, gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm faktor bolup durýandygy nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026