HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçileri Ankarada geçirilen halkara ýaryşynda altyn we kümüş medallary aldylar

Awgust 20, 2023 | 23:48 |9125
Adatça 15-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada
geçirilen Baskent Open 2023 halkara küşt festiwaly 8 ýurtdan 600-den gowrak
gatnaşyjyny ýygnady.Adatça 15-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada
geçirilen Baskent Open 2023 halkara küşt festiwaly 8 ýurtdan 600-den gowrak
gatnaşyjyny ýygnady.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy tarapyndan berildi

Adatça 15-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Baskent Open 2023 halkara küşt festiwaly 8 ýurtdan 600-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.

Ulular dört kategoriýada (A, B, C, D ýaryşlary), çagalar üç kategoriýada (10, 12, 14 ýaşa çenli) bäsleşdiler.

Festiwalyň iň güýçli gatnaşyjylarynyň gatnaşan A ýaryşyna, watandaşymyz, halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (reýting 2482) hem gatnaşdy.

2-nji ýaryşda ýeňilenden soň, Meýlis ýaryşyň galan bölegini ýitgisiz geçirip (4 ýeňiş we 3 deňlik) geçirip, oňat netije görkezdi. Netijede, mümkin bolan 9-dan 6,5 nutuk toplap, Meýlis diňe 9-dan 7,5 nutuk toplan halkara ussady Nikoloz Petriaşwiliden (2458 reýting) ýeňilip, ikinji orny eýeledi.

2 (1) (1).jpg

10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda ýaryşa 68 küştçi gatnaşdy. Bu kategoriýada Türkmenistana halkara grossmeýster Maksat Atabaýewiň okuwçylary – doganlar Osman we Omar Hamrakulyýewler wekilçilik etdiler. Ulusy, 10 ýaşly Osman ýaryşy iň ýokary derejede geçirip, mümkin bolan 9-dan 7,5 nutuk toplap, birinji ýeri eýeledi.

Baskent Open festiwaly şu ýyl 6-njy gezek geçirildi. Ol Baskent uniwersiteti we Türk küşt federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 350 müň türk lirasyna deň boldy.

Baskent Open 2023 (1).jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026