Hindi kompaniýalary Merkezi Aziýada işewürlik mümkinçiliklerini öwrenýärler


Türkmenistanyň Delidäki ilçisi Şalar Geldinazarow, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Hindi Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa sebitindäki işewürlik mümkinçilikleri» atly işewürlik forumyna gatnaşdy.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler, söwda, kiçi we orta telekeçilik ministrlikleriniň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy.
Geldinazarow, TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygy, Aşgabat ylalaşygynyň we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly iri halkara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy belläp geçdi.
Ilçi hindi ekologiýa taýdan arassa we sosial taýdan öz inklýuziw şäher gurşawyny döretmekde ösen tehnologiýalaryň öz beýanyny tapan «akylly» Arkadag şäherini mysal hökmünde getirip, telekeçileriniň ünsüni Türkmenistandaky maýa goýum howasynyň artykmaçlyklaryna, ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek işine, milli daşky gurşaw syýasatyna çekdi.
Diplomat iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara salgylanyp, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda nebitgaz pudagy, ulag we aragatnaşyk, agrosenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty, IT tehnologiýalary ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini nygtady diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
ORIENT news








