HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bangkokda geçirilýän Hereketleriň Wena Maksatnamasy boýunça duşuşyga gatnaşýar

Awgust 22, 2023 | 16:39 |8528
Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena Maksatnamasyna syn bermeklige bagyşlanan ýokary derejeli Dialoga gatnaşýar. 22-23-nji awgustda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilýän bu çäre BMG-niň wekillerini, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) ýaly guramalaryň, şeýle hem Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena Maksatnamasyna syn bermeklige bagyşlanan ýokary derejeli Dialoga gatnaşýar. 22-23-nji awgustda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilýän bu çäre BMG-niň wekillerini, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) ýaly guramalaryň, şeýle hem Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena Maksatnamasyna syn bermeklige bagyşlanan ýokary derejeli Dialoga gatnaşýar. 22-23-nji awgustda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilýän bu çäre BMG-niň wekillerini, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) ýaly guramalaryň, şeýle hem Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Duşuşygyň gün tertibine Hereketleriň Wena Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kynçylyklar, üstünlikler we bu ugurdaky oňyn tejribe, syýasaty we anyk başlangyçlary goşmak bilen geljekki on ýyl üçin esasy teklipleri işläp düzmek ýaly meseleler girizildi. Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşanlar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardaky we olaryň üstaşyr goňşularyndaky üstaşyr geçişi gowulandyrmak we söwdany ýeňilleşdirmek boýunça öňegidişlik, kynçylyklar, mümkinçilikler we öňdebaryjy çözgütler barada pikir alyşdylar. Ulag infrastrukturasynyň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen üznüksiz we durnukly aragatnaşygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriniň çygrynda ýurtda durnukly ulag we sanly aragatnaşygy döretmek, elektron hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy we pudaklaryň tehnologiki üýtgemegi barada çykyş etdi.

1-1.JPEG

Ol öz hasabatynda ulag diplomatiýasyna we Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny berkitmegine aýratyn üns berdi. Bu ulgamda sanlylaşdyrmanyň saýlanyp alnan modeli esasynda bitewi penjire, sanly söwda ulgamlary, onlaýn tölegler, maglumat seljerişi, sanly hyzmatlar we hosting hyzmatlary dörediljek bitewi platforma hökmünde özünde logistikany, söwdany we tehnologiýany birleşdirýär.

Bu segmentleriň käbiri ýurtda eýýäm işjeň ösýär. Döwlet gümrük gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) bilen bilelikde import we eksport amallary üçin Bitewi penjire taslamasyny işe girizdi, netijede ýurduň ähli gümrük edaralarynda harytlaryň elektron deklarirleme tejribesi ýola goýuldy.

Ilkibaşda diňe döwlet hyzmatlarynyň sanly görnüşde ýerleşdirilmegini göz öňünde tutýan e.gov.tm portaly işewür toparlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gaýtadan işlenip düzülýär. Bu ugurda döwlet gurluşlarynyň işi, olaryň özara gatnaşygy mehanizmi optimizirlenýär we kadalaşdyryjy-hukuk binýady global tendensiýalaryň ruhunda kämilleşdirilýär.

2-1.JPEG

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary şeýle-de, ýygnaga gatnaşyjylara ýurtda elektron ulag resminamalarynyň ösýän milli ulgamy, onuň halkara platformalary bilen integrirleşmesi, internet giňişliginde çägi barha ýaýbaňlanýan içerki bazar barada maglumat berdi.

Umuman aýdanyňda, sebitiň we dünýäniň ulag ulgamyna we logistikasyna integrirleşme Türkmenistan üçin döwletiň strategiki ileri tutulýan möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. Halkara ulag geçelgeleriniň we transkontinental hojalyk gatnaşyklaryň dünýädäki geosyýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ukyplydygyndan ugur almak bilen, biziň ýurdumyz durnukly ulag boýunça halkara başlangyçlary bilen, şol sanda BMG-nyň münberinden çykyş edýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda ulag ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak we ulag hyzmatlarynyň, üstaşyr gatnawyň hilini ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlaryny çekmek we häzirki zaman netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026