HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary lagym suwlaryny arassalamagyň biologik usulyny synagdan geçirýärler

Awgust 25, 2023 | 11:26 |8887
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.
Çeşme: beaplanet.ru

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutunyň “Gaýtdan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri mikroorganizmleriň kömegi bilen biologik usulda lagym suwlaryny arassalamak boýunça ylmy-barlag işine girişdiler.

Türkmen alymarynyň maksady himiki serişdeleri ulanmazdan daşky gurşawa zyýansyz biologik usulda lagym suwlaryny arassalamakdan we gaýtdan ulanmakdan ybaratdyr. Bu usulda arassalamak mikroorganizmleriň kömegi bilen amala aşyrylýar diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Biologik usul uglerodyň çeşmesi bolan lagym suwlaryndaky ýokumly substrat organiki maddalary (kislotalar, spirtler, beloklar, uglewodlar we ş.m.) ulanmak ukybyna esaslanýar. Mikroorganizmler lagym suwlardan iýmitlenende, olaryň biomassasy ýokarlanýar. Bu usul bir wagtyň özünde bolup geçse-de, şertli ýagdaýda iki tapgyra bölünýär. Ol mikroorganizmleriň bedeniniň üstündäki lagym suwlardan sorulyp alnan organiki we organiki däl maddalaryň dargadylmagy hem-de şol dargama önümleriniň mikrosuwotular tarapyndan özleşdirilmegidir.

Ylmy barlaglaryň maksady “hlorella wulgaris” görnüşli mikrosuwotunyň lagym suwlarda ýaşaýyş ukyplylygyny öwrenmekden ybarat bolup, munuň üçin mikroorganizmleriň biomassany toplaýşy, onuň adaty ulanylýan iýmit gurşawy bilen çalşylmagy boýunça synaglar geçirilýär.

Lagym suwlaryny biologik usulda arassalamgyň tehnologiýasyny bioenergetikanyň meselelerini çözmek üçin mikrosuwotularyň biomassasyny öndürmek bilen utgaşdyryp, birbada iki bähbit gazanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026