HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde meňzeşligi bolmadyk «Ölmezlik kapsulasy» Kazanda döredildi

Awgust 18, 2023 | 22:48 |5716
Emeli intellekt (EI) we VR-şlemi bilen skrining barlagyny geçirmek
üçin «ölmezlik kapsulasy» diýilýän özboluşly enjam toplumy,
Tatarstanyň alymlary we lukmanlary Kazanda döretdiler. Gadjetiň esasy
wezipesi, döwrebap anyklaýyş arkaly adamyň ömrüni uzaldar diýip,
«Komsomolskaýa Prawda» ýazýar.Emeli intellekt (EI) we VR-şlemi bilen skrining barlagyny geçirmek
üçin «ölmezlik kapsulasy» diýilýän özboluşly enjam toplumy,
Tatarstanyň alymlary we lukmanlary Kazanda döretdiler. Gadjetiň esasy
wezipesi, döwrebap anyklaýyş arkaly adamyň ömrüni uzaldar diýip,
«Komsomolskaýa Prawda» ýazýar.
Çeşme: teknosafari.net

Emeli intellekt (EI) we VR-şlemi bilen skrining barlagyny geçirmek üçin «ölmezlik kapsulasy» diýilýän özboluşly enjam toplumy, Tatarstanyň alymlary we lukmanlary Kazanda döretdiler. Gadjetiň esasy wezipesi, döwrebap anyklaýyş arkaly adamyň ömrüni uzaldar diýip, «Komsomolskaýa Prawda» ýazýar.

Enjam kapsula meňzeýär we ýörite oturgyja eýe. Wirtual lukman ýüregi, bagyry, böwrekleri barlamaga, basyşy, pulsy, gandaky kislorod we şeker derejesini ölçemäge, gan damarlarynyň we nerw ulgamynyň ýagdaýyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

«Siziň düşünmegiňiz üçin «ölmezlik kapsulasy» holter ýörelgesinde işleýär. Ýagny, belli bir günüň dowamynda bedeni yzygiderli anyklaýar. Skrining üçin, EI-iň deslapky kesgitleme çykaryp, ol ýa-da beýleki lukmana ýollamagy üçin günde bary-ýogy iki minut ýeterlikdir», – diýip «ölmezlik kapsulasynyň» patent eýesi Timur Serazetdinow belledi.

Enjam takyk kesgitleme goýmaýar, ýöne enjam hassanyň sesi boýunça, şol sanda Alsgeýmer keseli barada aýdylandada keseliň töwekgelçiligini tanap bilýär. Umumy barlagdan soň, kapsula hassany hünärmene iberip ýa-da dynç almaga gitmegi maslahat berip biler.

Dünýäde enjamyň meňzeşi ýok. Şol bir wagtyň özünde, Timur Serazetdinowyň aýtmagyna görä, hünärmenler enjamy noldan oýlap tapmadylar, ýöne içindäki ähli anyklaýyş usullaryny birleşdirmäge synanyşdylar. «Häzir biz ony diňe bir wirtual lukman däl-de, eýsem ýürekden gürleşip boljak hakyky dost-geňeşçi etmek üçin işleýäris», –diýip ol goşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026