“Türkhowaýollarynyň” Türkmenistandaky resmi agenti ýeňillikli bahada awiabiletleri hödürleýär


“Türkhowaýollary” agentliginiň Türkmenistandaky resmi agenti “Hoş Syýahat” hojalyk jemgyýeti islendik halkara ugra 4 tarif boýunça ýeňillikli awibiletleri hödürleýär.
Mälim edilişine görä, kompaniýa dürli ugur boýunça, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň üsti bilen üstaşyr uçuşlara bilet talaplaryny kanagatlandyrmagy maksat edinýär. Operatora ýüz tutan müşderiler ýeňillikli tariflerde islenilýän wagtda we islendik ugra awiabiletleri satyn alyp bilerler.
Mundan başga-da, “Hoş Syýahat” hojalyk jemgyýeti bilet satyn almak üçin resminamalary onlaýn görnüşde hem kabul edýär. Munuň üçin, müşderä pasportlaryň we rugsatnamanyň elektron nusgalaryny ugratmak hem-de haýsy ýeňillikli tarif esasynda bilet saýlaýandygyny görkezmek ýeterlik.
“Türkhowaýollary” agentligi dünýäniň islendik ülkesinde ýerleşýän 120 ýurduň 260-dan gowrak howa menziline göni uçuş gatnawlaryny ýerine ýetirýär. Agentligiň Türkmenistandaky resmi agentiniň üsti bilen türkmenistanly syýahatçylar Stambul şäheriniň üsti bilen eglenmesiz ýagdaýda Nýu-Ýork, Sidneý ýaly dünýäniň çetki şäherlerine hem bökdençsiz baryp bilerler.
Resmi agent “Gül Zemin” söwda merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşip, bilet üçin resminamalar iş günlerinde 09:00-dan 21:00-a çenli kabul edilýär.
ORIENT news








