Türkmenistanyň we Braziliýanyň ilçileri Astanada diplomatik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň we Braziliýanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary özara peýdaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň Telegramdaky resmi sahypasynda habar berildi.
Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynda Batyr Rejepow we Rubem Antonio Korrea Barboza duşuşdylar. Türkmen diplomaty Braziliýaly kärdeşini Türkmenistanda Braziliýanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili (ýeri Astanada) wezipesine bellenmegi bilen gutlady we jogapkär wezipesinde üstünlik arzuw etdi. Rubem Antonio Korrea Barboza hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek üçin tagalla etmäge taýýardygyny nygtady.
Taraplar diplomatik ýollar arkaly ýakyn iş gatnaşyklaryny saklamagy ylalaşdylar.
Barboza bir aý öň Türkmenistanda ilçi hökmünde akkreditasiýa edilipdi we 20-nji iýulda Mejlisiň başlygy Dünyägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
ORIENT news








