HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Men moda bilen meşgullanmaýaryn. Moda – meniň özüm”: Koko Şaneliň doglan gününiň 140 ýyllygy

Awgust 19, 2023 | 15:08 |9133
Ýönekeýlik we sadalyk Koko Şaneliň estetikasynyň esasyna öwrüldi, ägrt moda imperiýasynyň düýbüni tutujy ömrüniň ahyryna çenli gaýçyny ýanyndan aýyrmady, mydam artykmaç we gödek hasaplan zatlarynykesip aýyrmaga taýýardy.Ýönekeýlik we sadalyk Koko Şaneliň estetikasynyň esasyna öwrüldi, ägrt moda imperiýasynyň düýbüni tutujy ömrüniň ahyryna çenli gaýçyny ýanyndan aýyrmady, mydam artykmaç we gödek hasaplan zatlarynykesip aýyrmaga taýýardy.
Çeşme: Getty Images

Ýönekeýlik we sadalyk Koko Şaneliň estetikasynyň esasyna öwrüldi, ägrt moda imperiýasynyň düýbüni tutujy ömrüniň ahyryna çenli gaýçyny ýanyndan aýyrmady, mydam artykmaç we gödek hasaplan zatlarynykesip aýyrmaga taýýardy.

Koko ady bilen taryha giren Gabrielle Boner Şanel 140 ýyl mundan ozal dünýä indi. “Great Mademoiselle” diňe bir ýetimler öýünde terbiýelenýänleriň hataryndan jemgyýetiň ýokary gatlagyna girmek bilen çäklenmän, eýsem ol kuwwatly moda imperiýasyny döretmegi başardy. Onuň 12-nji asyra degişli ybadathanadaky reňkli aýna penjirede çagalykda gören biri-biri bilen sepleşen iki C harpy wagtyň geçmegi bilen Şanel modalar öýüniň dünýäniň iň meşhur nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Koko gara reňkli zenan köýneginiň ebedi moda bolup galmagyny üpjün etdi we aýallara dar korsetleriň ýerine balak we gysgaldylan yubka hödürledi. Ol ömrüniň bütin dowamynda “kaşaňlýuks ýönekeýlik” ýörelgesine eýerdi, Şaneliň haçandyr bir mahalky oýlap tapyşlarynyň hemmesi – bu gün stiliň naýbaşy ülňüsi hasaplanýar.

Şanel diňe egin-eşik däl, eýsem, dünýädäki iň meşhur atyr markalarynyň biridir. Gyzykly tarapy, halypanyň ajaýyp nusgawy moda eserlerini döretmegine elmydama şahsy durmuşynda bolup geçýän wakalar we başdan geçirmeleri sebäp bolupdyr. Onuň özboluşly modelleri we atyrlary arkaly öz durmuşy hakda köp zatlary bilmek bolýar.

Mysal üçin, Kokonyň rus knýazy Dmitriý Pawlowiç bilen ýakyn gatnaşyklary dünýäde meşhur atyryň peýda bolmagyna sebäp bolupdyr. Iňlis twidinden tikilen kostýumlar we paltolar bolsa Şaneliň Westminster gersogy bilen söýgi gatnaşyklaryndan soň moda boldy.

Häzirki döwürde aýal-gyzlaryň geýinişine ady rowaýata öwrülen Koko Şaneliň täsir edişi ýaly täsirini ýetirip bilen adam taryhda ýokdur. Ady nusgawy stiliň manydaş sözüne öwrülen beýik fransuz zenany: “Men moda bilen meşgullanamok. Meniň özüm – moda” – diýerdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026