HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Ukrain kinosynyň hepdeligi geçiriler

Awgust 19, 2023 | 13:11 |9329
24-nji awgustda paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Ukrain kinosynyň hepdeliginiň
dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Ukrainanyň
Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.24-nji awgustda paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Ukrain kinosynyň hepdeliginiň
dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Ukrainanyň
Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.
Çeşme: tv.kyivstar.com

24-nji awgustda paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Ukrain kinosynyň hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.

Paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Aşgabat” kinoteatrynda alty günüň dowamynda ukrain kinorežissýorlarynyň işine tomaşa etmäge, şeýle hem bu ýurduň kino pudagynyň atmosferasyna çümmäge mümkinçilik alarlar.

24-nji awgustda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Toý mirasy” (Свадебное наследие) filmine tomaşa edip bilerler. Doly metražly dokumental filmde Ukrainanyň dürli künjeklerinden toý däp-dessurlary we adatlar barada gürrüň berilýär.

26-njy awgustda tomaşaçylaryň dykgatyna oglanjyk bilen super gahryman itiň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän “Fokster we Maks” atly ajaýyp film hödürlener. 29-njy awgustda " Nikolaý bilen başdan geçirmeler" (Приключения S Николаем) atly maşgala komediýasy görkeziler we hepde 31-nji awgustda "Адская хоругвь, или Казацкое Рождество" filmi bilen jemlener.

Filmler asyl ses ýazgylary we iňlis subtitrleri bilen görkeziler.

Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan Ukrain kinosynyň hepdeligi 31-nji awgusta çenli dowam eder.

Giriş mugt.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026