HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgeni dünýä çempionatynda saýlama ýaryşyna girdi

Awgust 19, 2023 | 23:35 |8848
Türkmen ýeňil atletikaçysy Alişer Sadullaýew şu gün, 19-njy awgustda
Budapeştde (Wengriýa) başlanan dünýä çempionatynyň 100 metr aralygynda
deslapky ýaryşlara gatnaşdy.Türkmen ýeňil atletikaçysy Alişer Sadullaýew şu gün, 19-njy awgustda
Budapeştde (Wengriýa) başlanan dünýä çempionatynyň 100 metr aralygynda
deslapky ýaryşlara gatnaşdy.
Çeşme: nemzetisport.hu

Türkmen ýeňil atletikaçysy Alişer Sadullaýew şu gün, 19-njy awgustda Budapeştde (Wengriýa) başlanan dünýä çempionatynyň 100 metr aralygynda deslapky ýaryşlara gatnaşdy.

Iň oňat netijeleri görkezen türgenler birinji tapgyra awtomatiki girdiler. Bu ululykdaky ýaryşda ilkinji gezek öz ýurduna wekilçilik eden türkmen ýeňil atletikaçy 10,90 sekunt netije bilen onunjy boldy. Derejäni bolsa, 10,24 sekunt netije bilen Malaýziýaly Muhd ​​Azim Fahmi gazandy.

Jemi dört sany saýlama ýaryşy geçirildi - hersinden iki türgen indiki tapgyra çykdy. Ýene iki gatnaşyjy ýeňilenleriň arasynda iň gowy wagt bilen kesgitlendiler.

IMG_20230820_001003.jpg

— Men dünýä derejesindäki ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýaryn we bu abraýly ýaryşa gatnaşmak karýeramyma güýçli itergi berer, şahsy höweslendirme bolar diýip umyt edýärin, - diýip Alişer Sadullaýew ORIENT-iň habarçysyna aýtdy.

Çempionata 200-den gowrak ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşýar. Ýaryş üçin ýörite gurlan meýdança - Milli ýeňil atletika merkezine 36 000 tomaşaçy ýerleşip biler. Marafon ylgawy we sport ýörişleri üçin awtoulag ýollary Budapeştiň merkezinde ýerleşýär.

— Bu ýerde gören infrastrukturam gaty gowy, meni täsin galdyrdy! Çempionatyň guramaçylygy bilen bir hatarda ol hem ýokary derejede,- diýip Sadullaýew nygtady.

Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň maksatnamasyna 35 km aralyga sport ýörişleri, 4x400 m garyşyk estafeta, disk zyňmak, uzaklyga bökmek, naýza zyňmak, çekiç zyňmak, ýadro atmak, päsgelçilikli ylgamak we ş.m. girýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026