HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda 227 million dollarlyk Hytaý-Ýewropa geçelgesi üçin ýol gurulýar

Awgust 19, 2023 | 22:27 |9596
Täjigistan Respublikanyň gündogaryndaky Gorno-Badahşan awtonom welaýatynda ýoluň gurulmagy we durkunyň täzelenmegi üçin 227 million dollar bölünip berler. Bu ýol Hytaýdan Ýewropa çenli ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler.Täjigistan Respublikanyň gündogaryndaky Gorno-Badahşan awtonom welaýatynda ýoluň gurulmagy we durkunyň täzelenmegi üçin 227 million dollar bölünip berler. Bu ýol Hytaýdan Ýewropa çenli ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler.
Çeşme: sputnik.tj

Täjigistan Respublikanyň gündogaryndaky Gorno-Badahşan awtonom welaýatynda ýoluň gurulmagy we durkunyň täzelenmegi üçin 227 million dollar bölünip berler. Bu ýol Hytaýdan Ýewropa çenli ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler.

«Ýol böleginiň uzynlygy 109 km bolup, doly durky täzelenenden soň 17 km gysgalar. Netijede, ähli halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman 92 km ýol bolar. Taslamanyň mukdary 2,5 milliard somoni», - diýip Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon welaýata eden sapary wagtynda aýtdy.

«Bu ýoluň gurluşygy diňe bir sebitiň ilaty üçin möhüm bolman, eýsem ýakyn wagtda Hytaý - Täjigistan - Owganystanyň demirgazygy we Hytaý - Täjigistan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa üstaşyr ykdysady geçelgesi hökmünde ulanylar», - diýip döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy onuň sözlerine salgylanýar.

Şeýle hem Rahmon ulag geçelgesiniň işlemegi üçin Respublikanyň hökümetiniň ýene birnäçe ýol gurmak we Hytaý bilen serhetdäki barlag nokadyny täzeden gurmak kararyna gelendigini aýtdy.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitiniň esasy mowzuklaryndan biri boldy. Üç ýurduň ulag, logistika we üstaşyr pudagynda ägirt uly mümkinçiliklerini ulanmak niýeti döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýanynda-da berkidildi.

«Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we üç ýurduň üstaşyr mümkinçiliginden peýdalanmak üçin taraplar üç ýurdyň deňiz portlaryna, şol sanda Hazar deňzi we Pars aýlagyna çykmagyny üpjün edýän Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan daşama ugry boýunça multimodal daşamalary güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler», - diýip resminamada aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026