HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Media kompaniýalar syýasatçylara ýüzlendiler

Awgust 14, 2023 | 11:43 |12810
Dünýäniň iň iri media guramalary emeli intellekti öndürijileriň işiniň açyk-aýdyň bolmagyny düzgünleşdirmek üçin syýasatçylara ýüzlendiler. Hatda bellenişi ýaly, emeli intellekti öndüriji modelleriň öwrediliş prosesinde doly açyklyk üpjün edilmeli.Dünýäniň iň iri media guramalary emeli intellekti öndürijileriň işiniň açyk-aýdyň bolmagyny düzgünleşdirmek üçin syýasatçylara ýüzlendiler. Hatda bellenişi ýaly, emeli intellekti öndüriji modelleriň öwrediliş prosesinde doly açyklyk üpjün edilmeli.
Çeşme: gagadget.com

Dünýäniň iň iri media guramalary emeli intellekti öndürijileriň işiniň açyk-aýdyň bolmagyny düzgünleşdirmek üçin syýasatçylara ýüzlendiler. Hatda bellenişi ýaly, emeli intellekti öndüriji modelleriň öwrediliş prosesinde doly açyklyk üpjün edilmeli.

Hatyň awtorlarynyň ynanajyna görä, täze tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellektiň ösüşindäki doly oýlanyşylyp edilmedik hereket köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş gurşawyna özüniň ýaramaz täsirini ýetirer. Şeýle hereket jemgyeýtiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bolan ynamyny peseldip, köpçülige ýetirilýän media önüminiň hilini peselder.

Hatyň awtorlarynyň bellemegine görä, emeli intellekt taýýarlanylanda ony taýýarlanlar, hukuk jogapkärçiligi we ulanyşa goýberilişde taraplaryň ylalaşygy boýunça açyklyk, aýdyňlyk bolmaly. Şunda media toparlarynyň we emeli intellekti işläp taýýarlaýjylaryň arasynda toplumlaýyn gepleşikler geçirilmelidir.

Emeli intellektiň standartlary döredilende bu işe syýasatçylaryň hem çekilmegi wajypdyr.

Şeýle mazmundaky haty ýazanlaryň arasynda “European Publishers' Council”, “Agence France-Presse”, “European Pressphoto Agency”, “Gannett”, “USA TODAY Network”, “Getty Images”, “National Press Photographers Association” ýaly dünýäniň iri media toparlarynyň wekilleri bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026