Türkmenistanyň hem-de Indoneziýanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 11, 2023 | 17:50 |6791
11-nji awgustda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.11-nji awgustda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

11-nji awgustda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem iki döwletiň ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.

Taraplar dürli möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

ORIENT news