HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti türkmen dilini öwrenmek boýunça kurslary ýola goýýar

Awgust 08, 2023 | 21:55 |8011
Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Ýaponiýanyň
öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri Sukuba uniwersiteti 2023-nji ýylyň sentýabr
aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili kurslaryny açýar.Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Ýaponiýanyň
öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri Sukuba uniwersiteti 2023-nji ýylyň sentýabr
aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili kurslaryny açýar.
Çeşme: keguanjp.com

Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri Sukuba uniwersiteti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin türkmen dili kurslaryny açýar.

Türkmen dilini öwrenmek, Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşmak boýunça sapaklar Masahiro Oku tarapyndan geçiriler.

Masahiro Oku D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň uçurymy Jennet Rozykulyýewa bilen bilelikde taýýarlanan ýapon- türkmen sözlüginiň awtory. Okuw gollanmasy Ýaponiýada türkmen dilini tanatmak taslamasynyň çäginde 2023-nji ýylyň iýul aýynda neşir edildi.

Şeýle hem, “Nippon” gaznasynyň Merkezi Aziýada we Ýaponiýada adam resurslaryny ösdürmek taslamasynyň çäginde Sukuba uniwersitetiniň professory Toşinobu Usuýama we Masahiro Oku TMDDI-niň ýapon dili hünäri boýunça bilim alýan talyplary üçin dürli mowzuklar, şol sanda ýapon we türkmen dilleriniň deňeşdirme seljermesi boýunça leksiýalary okadylar – diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026