HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen opera aýdymçysy Astrahanda geçiriljek festiwalda çykyş eder

Awgust 08, 2023 | 11:19 |9387
Festiwalyň açylyş dabarasyna şeýle hem, rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň Halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.Festiwalyň açylyş dabarasyna şeýle hem, rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň Halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.
Çeşme: astrahan.bezformata.com

“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Ökdirowa Russiýanyň Astrahan şäherinde geçiriljek “Hazar möwsümleri” atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň açylyş dabarasynda çykyş eder. Bu festiwal 22-nji awgusta – 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Festiwalyň açylyş dabarasyna şeýle hem, rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň Halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin özüniň “Telegram” kanalynda bellemegine görä, Astrahan oblasty bu festiwaly eýýäm üçünji gezek geçirýär. “Hazar möwsümleri” festiwaly – milli medeniýete, däp-dessurlara hormat goýýan halklaryň özara dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mysalydyr.

Festiwalyň açylyş dabarasy 22-nji awgustda Astrahan Kremlindäki meýdançada geçiriler. Häzirki wagtda bu ýerde sahna meýdançasyny taýýarlamak, yşyk we ses enjamlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, festiwal ýatdan çykmajak multimediýa çykyşlary özünde jemlär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026