GDA ýurtlarynyň üçünji oýunlary 2025-nji ýylda Azerbaýjanyň Ganja şäherinde geçiriler


Ululygy boýunça ikinji orunda duran Ganja – Azerbaýjan şäheri, GDA ýurtlarynyň üçünji oýunlaryny kabul eder. Bu barada Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Mariana Wasilýewa žurnalistlere gürrüň berdi diýip, TASS habar berýär.
GDA ýurtlarynyň III oýunlary 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär. Ozal Azerbaýjanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Azer Aliýew ýurduň häkimiýetleriniň bäsleşigiň guramaçylygynyň mynasyp derejesini üpjün etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.
«GDA ýurtlarynyň üçünji oýunlary Ganja şäherinde geçiriler - bu Azerbaýjanyň Bakuwdan soň ululygyny boýunça ikinji şäheri, bolup ol ýerde häzir täze döwrebap toplum gurulýar. Sebitlerde ýaryşlaryň geçirilip bilinjekdigi baradaky pikiri haladyk. Formaty geňeşde ara alnyp maslahatlaşylar. Islendik ýurt sportyň has ösen görnüşlerine ünsi jemleýär. Biz ähli ýurtlar üçin esasy Olimpiýa sportlaryna we adaty olimpiýa däl sport görnüşlerine üns bereris diýip pikir edýärin», - diýip Wasilýewa aýtdy.
Şenbe güni Minskde GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. «Biz uly açylyş gördük. Ilkibaşda bu oýunlar köp derejede ýaşlar üçin bolar diýen pikir bardy, ýöne indi formatdaky üýtgeşmeleri görýäris. Biz şol bir ruhda dowam ederis diýip pikir edýärin. Guramaçylara baş egýäris - ilkinji günden başlap, howa menzilindäki ilkinji ädimden başlap, ähli belaruslylaryň myhmansöýerligini görkezmek isleýändiklerini görüp bolýar. Olaryň myhmansöýer adamlardygyny bilýärdik, indi muňa has-da göz ýetirdik», - diýip ol sözüni jemledi.
ORIENT news








