Almaty şäheri 2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyň sport paýtagty statusyny aldy


Gazagystanyň Almaty şäheri 2026-njy ýylda GDA ýurtlarynyň sport paýtagty bolar. Muny Russiýa Federassiýasynyň Sport ministriniň orunbasary Alekseý Morozow yglan etdi.
Alekseý Morozow öz çykyşynda: "Geňeşiň mejlisinde biz, 2025-nji ýylda Azerbaýjanyň Ganja şäherine, 2026-njy ýylda bolsa, Gazagystanyň Alma-Ata şäherine" GDA-nyň sport paýtagty "adyny bermek barada biragyzdan karar berdik. 2025-nji ýylda Ganja GDA ýurtlarynyň III oýunlaryny kabul eder, bu şäher türgenler üçin uly baýramçylyk taýýarlaýar, şonuň üçin Ganja şäheri ýylyň dowamynda Arkalaşygyň sport paýtagty diýen ada eýe bolmagy gaty adalatlydyr. 2026-njy ýylda bu status dünýä we sebit derejesinde birnäçe gezek iri sport ýaryşlaryny geçiren Almaty şäherine berler "- diýip belledi.
Ýekşenbe güni Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Mariana Wasilewa GDA ýurtlarynyň üçünji oýunlarynyň Azerbaýjanyň Ganja şäherinde geçiriljekdigini aýtdy.
GDA ýurtlarynyň II oýunlary 4-nji awgustdan 14-nji awgust aralygynda Belarussiýanyň 11 şäherinde sportuň 20 görnüşi boýunça geçirilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Sport ministrliginiň we Belarussiýanyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň kollegiýalarynyň giňeldilen mejlisinde Russiýanyň sport ministri Oleg Matytsin GDA ýurtlarynyň sport ministrleriniň ýyllyk ýygnaklaryny yzygiderli geçirmegi teklip etdi we hyzmatdaşlar GDA-da sport çäreleri üçin bitewi senenama meýilnamasyny düzmeli diýen netijä geldiler. Şeýle-de ýene bir täze başlangyç, “Arkalaşygyň güýji” bedenterbiýäniň we sportuň ösüşine goşant goşan döwletara baýragy döretmek bilen baglanyşykly boldy.
Şeýle hem, Oleg Matytsin öz çykyşynda: “Täze üýtgeşmeleri we teklipleri goşmakdan gorkmak gerekdäl. Biz GDA ýurtlarynyň geçirýän ýaryşlarynyň Arkalaşygyň daşyndaky beýleki ýurtlar üçin nähili gyzyklydygyny görýäris "- diýdi.
ORIENT news








