HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýüregi urdurmagy başardylar: Minskde çaganyň ýüregine emeli garynjygyň täsin implantasiýasy geçirildi

Awgust 05, 2023 | 01:18 |5806
Dört ýaşly çaganyň ýüregine emeli garynjygyň üstünlikli implantasiýasy
üçin Minsk çaga hirurgiýasy merkezinde täsin operasiýa geçirildi. Şeýle
inçe operasiýa dünýäde iň seýrek we çylşyrymly hasaplanýar. Ol birnäçe
sagat dowam etdi.Dört ýaşly çaganyň ýüregine emeli garynjygyň üstünlikli implantasiýasy
üçin Minsk çaga hirurgiýasy merkezinde täsin operasiýa geçirildi. Şeýle
inçe operasiýa dünýäde iň seýrek we çylşyrymly hasaplanýar. Ol birnäçe
sagat dowam etdi.
Çeşme: Belarusyň çaga hirurgiýasy üçin RYAM

Dört ýaşly çaganyň ýüregine emeli garynjygyň üstünlikli implantasiýasy üçin Minsk çaga hirurgiýasy merkezinde täsin operasiýa geçirildi. Şeýle inçe operasiýa dünýäde iň seýrek we çylşyrymly hasaplanýar. Ol birnäçe sagat dowam etdi.

Lukmanlar toparyna çaga ýürek hirurgy Konstantin Drozdowskiý ýolbaşçylyk edip, oňa Türkiýäniň tanymal professory Umit Kerwan kömek etdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Çaga dünýä ineninden bäri ýürek problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolup, transplantasiýa garaşýanlaryň sanawynda. Emma, çaganyň agramy 13 kg bolup, beýle operasiýa üçin ýeterlik däl. Iň azyndan 35 bolmaly. Gyzyň ýagdaýy erbetleşende, lukmanlar emeli nasos goýmak kararyna geldiler.

«Bu waka dünýäde ilkinji. Bu diňe bir emeli garynjygyň implantasiýasy däl, eýsem ýüregiň içinde geçýän baglanşykly operasiýa. Biz implantasiýa edilen nasosymyzyň gowy işlemegi üçin mitral klapana düzediş etdik», –diýip Ankara şähriniňm ýürek merkeziniň emeli garynjyklar we ýürek transplantasiýa bölüminiň müdiri Umit Kerwan aýtdy.

«Häzirki wagtda çaga elbetde dikeldiş ýolunda. Şu wagta çenli hemme zat meýilnama boýunça alnyp barylýar we bu gyz «sumkaly» mekdebe gatnap, durmuşdan lezzet alar diýip umyt edýäris», – diýip Minsk çaga ýürek hirurgiýasynyň Respublikan ylmy we amaly merkeziniň çaga ýürek hirurgy Konstantin Drozdowskiý aýtdy.

Kiçijik näsag alty aýdan hassahanadan çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026