HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy dekarbonizasiýa boýunça meýilnamany durmuşa geçirmek işini çaltlandyrdy

Awgust 03, 2023 | 18:38 |9256
Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dünýäde ilkinjileriň biri bolup, dekarbonizasiýa (uglerod zyňyndylaryny aradan aýyrmak) boýunça meýilnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyryp, ony 5 ýyllyk gysgaltdy. Birleşen Arap Emirlikleriniň bu iri kompaniýasy 2045-nji ýyla çenli uglerod zyňyndysyz önümçilige eýe bolmagy, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndysyny aradan aýyrmagy  maksat edinýär.Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dünýäde ilkinjileriň biri bolup, dekarbonizasiýa (uglerod zyňyndylaryny aradan aýyrmak) boýunça meýilnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyryp, ony 5 ýyllyk gysgaltdy. Birleşen Arap Emirlikleriniň bu iri kompaniýasy 2045-nji ýyla çenli uglerod zyňyndysyz önümçilige eýe bolmagy, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndysyny aradan aýyrmagy  maksat edinýär.
Çeşme: rupec.ru

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) dünýäde ilkinjileriň biri bolup, dekarbonizasiýa (uglerod zyňyndylaryny aradan aýyrmak) boýunça meýilnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyryp, ony 5 ýyllyk gysgaltdy. Birleşen Arap Emirlikleriniň bu iri kompaniýasy 2045-nji ýyla çenli uglerod zyňyndysyz önümçilige eýe bolmagy, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndysyny aradan aýyrmagy maksat edinýär

Dekarbonizasiýa boýunça meýilnama bahasy ABŞ-nyň 3,8 milliard dollary bolan giňmöçberli taslamany öz içine alýar. Taslamanyň awtorlarynyň belleýişleri ýaly, taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda deňiz ýalpaklarynda uglerodyň zyňyndysy 50 göterime çenli azalar. Şeýle hem meýilnamanyň çäklerinde kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna az uglerodly ammiak öndürjek zawodyň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar. Az uglerodly ammiak ýangyç hökmünde ulanylanda CO2 gazy bölünip çykmaýar

ADNOC-yň bu başlangyçlary Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy hem-de Abu-Dabi Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýan tarapyndan makullanyldy.

Beýan edilen başlangyçlar Ählumumy howa sammiti (COP28) geçirmäge taýýarlyk görýän Birleşen Arap Emirlikleri üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçiriler. Şeýle möhüm ekologiýa maslahatynyň guramaçylyk boýunça jogapkäri Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň prezidenti Sultan Al-Jaberdigini bellemek gerek

Durnukly ösüş ADNOC-yň uzakmöhletleýin strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu strategiýa dekarbonizasiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine maýa goýum gönükdirmek, ekologiýa çözgütlerini ilerletmek, mangra tokaýlaryny döretmek ýaly çäreleri göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026