Hytaýly kompozitoryň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň ilkinji ýerine ýetirilşi Moskwada geçirildi


Rus-Hytaý simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor Wan Ýuanhaonyň «Ýüpek ýoly» sýuitasynyň dünýä premýerasy Moskwada geçirildi. Birbada iki dirižýoryň – Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň uçurymy Wiktoriýa Dobrowolskaýa we Çžen Tunçžonyň ýolbaşçylygyndaky täsin topar Russiýanyň paýtagtynda konsert berdi diýip, «Bolşaýa Aziýa» ýazýar.
Hytaýly kompozitoryň eserini ilkinji bolup moskwalylar we Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň myhmanlary diňlediler. Wan Ýuanhaonyň şu agşam üçin ýörite ýazylan kompozisiýasynyň ikinji ady «Agzybirlik».
«Ol hytaýly kompozitor. Onuň eserinde hytaý, rus, arap äheňleri biri- biriniň arasyndan geçýär. Köp mukamlar bar», - diýip rus-hytaý simfoniki orkestriniň direžýory we çeper ýolbaşçysy Çžen Tunçžo aýdýar.
Konsert maksatnamasynda rus we hytaý sazlarynyň we halk aýdymlarynyň eserleri hem ýaňlandy.
Rus-hytaý simfoniki orkestrinde dürli milletleriň we medeniýetleriň wekilleri saz çalýarlar. Olar bilelikde bir sazy döredýärler we tomaşaçylaryň kalbyny gazanýarlar.
ORIENT news








