BMG-niň Jynsy kemsidilmeleri aradan aýyrmak boýunça komitetiniň dialogyna taýýarlyk görülýär


Türkmenistanyň BMG-niň Jynsy kemsidilmeleri aradan aýyrmak boýunça komiteti bilen dialoga taýýarlyk görmek meseleleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ýurduň Hökümet edaralarynyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga 21-22-nji awgustda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Jynsy kemsidilmeleriň ähli görnüşini ýok etmek boýunça halkara konwensiýasynyň durmuşa geçirilşini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara dialoga gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilermeni Jorj Tuguşi degişli mesele boýunça Türkmenistanyň hasabatyny taýýarlamak boýunça tekliplerini paýlaşdy. Ženewa şäherinde geçiriljek dialogda degişli halkara konwensiýany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanda 2016 – 2019-njy ýyllarda durmuşa geçirilen işler barada hasabat berler.
Jynsy kemsidilmeleriň ähli görnüşini ýok etmek boýunça halkara konwensiýa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1965-nji ýylyň 21-nji dekabrynda kabul edilip, 1969-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda güýje girizildi. Türkmenistan bu halkara konwensiýa 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda goşuldy. Halkara resminama ähli ýurtlarda jynsy kemsdilimleriň ähli görnüşleriniň aradan aýrylmagyny göz öňünde tutýar.
ORIENT news








