HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FIFA-nyň tälimçisi türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlaryny geçirýär

Iýul 31, 2023 | 17:57 |5075
Aşgabatda FIFA-nyň Malaýziýaly tälimçisi Mohamad Rodzaliniň ýolbaşçylygynda
türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlarynyň başlandygyny aýtdy diýip,
ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.Aşgabatda FIFA-nyň Malaýziýaly tälimçisi Mohamad Rodzaliniň ýolbaşçylygynda
türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlarynyň başlandygyny aýtdy diýip,
ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

Aşgabatda FIFA-nyň Malaýziýaly tälimçisi Mohamad Rodzaliniň ýolbaşçylygynda türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlarynyň başlandygyny aýtdy diýip, ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Oňa ýerli hünärmenler, AFK-nyň tälimçileri Allabergen Sapaýew we Maksat Seýitgulyýew kömek edýär.

Okuw seminarynyň çäginde eminlik ukyplaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem FIFA- nyň bedenterbiýe standartlaryny geçmek üçin nazaryýet we amaly sapaklar geçirilýär.

Ýerli kazylaryň nazaryýet maglumatlary bilen “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda tanyşýarlar, amaly sapaklar bolsa “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilýär. Bu seminara ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän 32 emin gatnaşýar.

Çäreler, esasy liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistan çempionatynyň täzeden başlamagyna, ätiýaçlyk toparlaryň çempionatyna we ýurdumyzyň kubogyna taýýarlygyň çäginde geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Planetamyzda iň agyr haýwanlary: gury ýeriň we ummanlaryň ägirtleriniň sanawy

Planetamyzda iň agyr haýwanlary: gury ýeriň we ummanlaryň ägirtleriniň sanawy

18:12 Oktýabr 15, 2026
Hindistanyň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin aýurwede boýunça webinar geçirdiler

Hindistanyň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin aýurwede boýunça webinar geçirdiler

18:03 Oktýabr 15, 2026
Tramp Grenlandiýada nebit, gaz we mineral serişdeleri boýunça uly gözleg işleriniň taýýarlanýandygyny aýtdy

Tramp Grenlandiýada nebit, gaz we mineral serişdeleri boýunça uly gözleg işleriniň taýýarlanýandygyny aýtdy

18:00 Oktýabr 15, 2026