HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda syýahatçylar üçin sanly hyzmat işe girizildi

Iýul 31, 2023 | 14:50 |5330
Gyrgyzystanda syýahatçylar üçin ýene-de bir täze onlaýn hyzmat platformasy işe girizildi. Bu barada ýurduň sanly ösüş ministriniň sözlerine salgylanyp, “Kabar” habarlar agentligi habar berýär.Gyrgyzystanda syýahatçylar üçin ýene-de bir täze onlaýn hyzmat platformasy işe girizildi. Bu barada ýurduň sanly ösüş ministriniň sözlerine salgylanyp, “Kabar” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: kabar.kg

Gyrgyzystanda syýahatçylar üçin ýene-de bir täze onlaýn hyzmat platformasy işe girizildi. Bu barada ýurduň sanly ösüş ministriniň sözlerine salgylanyp, “Kabar” habarlar agentligi habar berýär.

Indi daşary ýurtly syýahatçylar Ilaty hasaba alyş müdirliginiň web-saýty arkaly özlerini hasaba aldyryp bilerler. Munuň üçin, web-saýtda “Şahsy otag” döredilip, onuň üsti bilen gerekli resminamalaryň elektron nusgalary tabşyrylýar we web-kamera arkaly resminamalary tabşyrýanyň suraty alynýar.

Bu alnan surat soňra, daşary ýurtly syýahatçy Gyrgyzystana gelende deňeşdirilýär. “Face ID-si” deň gelen syýahatçy hasaba aldyrmak üçin indiki iş tapgyrlaryny ýerine ýetirip biler. Bellenişine görä, syýahatçylary onlaýn hasaba almak işi bu ugurda döräp biljek korrupsiýa töwekgelçiliklerini aradan aýyrmak we daşary ýurtlulary hasaba almak işini çaltlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.

Bu başlangyç Gyrgyzystanyň Sanly ösüş ministrligi we Döwlet howpsuzlyk komiteti tarapyndan ýurduň Syýahatçylygy ösdürmek baradaky gaznasynyň ýardamy bilen durmuşa geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026