HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşiginiň LEICA maksatnamasynyň ýolbaşçylary Aşgabat şäherine sapar meýilleşdirýärler

Iýul 28, 2023 | 17:50 |10783
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy edaralaryň hünärlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin LEICA (Merkezi Aziýada hukuk goraýjy) taslamasynyň direktory Genael Le Breton bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem, wideokonferensiýa Taslamanyň sebit direktory Giorgi Beridze goşuldy.Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy edaralaryň hünärlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin LEICA (Merkezi Aziýada hukuk goraýjy) taslamasynyň direktory Genael Le Breton bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem, wideokonferensiýa Taslamanyň sebit direktory Giorgi Beridze goşuldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Merkezi Aziýa ýurtlaryna hukuk goraýjy edaralaryň hünärlerini güýçlendirmekde kömek bermek üçin LEICA (Merkezi Aziýada hukuk goraýjy) taslamasynyň direktory Genael Le Breton bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Şeýle hem, wideokonferensiýa Taslamanyň sebit direktory Giorgi Beridze goşuldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmeniň doly ygtyýarly wekili görkezilen taslamanyň çäginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky teklipleri aýtdy we türkmen tarapy bilen gyzyklanýan aragatnaşygyň ugurlaryny belledi.

1.png

Hususan-da, ilçi LEICA ugry boýunça Aşgabatda sebitleýin seminar geçirmegi teklip etdi. Şol döwürde taraplar terrorçylyga garşy göreşde tejribe we bilim alyşyp bilerler. Bu nukdaýnazardan, geçen hepde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan, 2023-2025-nji ýyllar aralygynda terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin Türkmenistanda işlenip düzülen meýilnamanyň ähmiýeti bellendi.

Ilçi, LEICA wekillerini görkezilen resminama goşuljak çäreleri durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Çünki bu meýilnama, şol sanda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň güýçlenmegini göz öňünde tutýar.

Taraplar LEICA taslamasynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýän Türkmenistana boljak saparynyň jikme-jikliklerini we meýilnamasyny, şol sanda ýurduň hukuk goraýjy edaralary bilen duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

2.png

Genael Le Breton, LEICA maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň seminarlara we okuw saparlaryna gatnaşmagyny gutlady. Taslamanyň Dolandyryş komitetiniň şu ýylyň iýun aýynda Samarkantda geçirilen 3-nji mejlisine türkmen wekilleriniň gatnaşmagy agzaldy. Jenap Le Breton BOMCA maksatnamasy – Merkezi Aziýa ýurtlaryna serhet dolandyryşynda kömek bermek taslamasy bilen bilelikde geljek ýyl Aşgabatda sebitleýin çäräni guramagyň mümkinçiligini belläp geçdi.

LEICA taslamasynyň çäginde özara gatnaşyk meýilnamasyny işläp düzmek mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol ýakyn aýlarda Türkmenistan we LEICA tarapyndan ikitaraplaýyn we sebitleýin çäreleri durmuşa geçirmek üçin «ýol kartasy» hökmünde çykyş eder. Taslamanyň müdiri, teklip edilýän Hereket meýilnamasynyň taslamasy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

3.png

Sözüniň ahyrynda taraplar sebit we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändiklerini tassykladylar.

Milli we sebit derejesinde howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Merkezi Aziýada hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi maksat edinýän LEICA taslamasy, ÝB Topary tarapyndan Fransuz CIVIPOL we Slowakiýa ISEMI-den ybarat konsorsium arkaly, Interpolyň goldawy bilen dolandyrylýar. Maksatnama dört tapgyrdan ybarat bolup, 4 ýyl üçin niýetlenendir. Ol 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026