Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejebow Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň wekilleriniň Owganystan boýunça geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň ilçihanasy habar berýär.
Özüniň çykyşynda ilçi ýurdumyzyň Owganystanda syýasy we ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine bolan gyzyklanmasyny we tagallasyny nygtady. Bu duşuşyk hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek we sebit howpsuzlygy babatda görülmeli çäreleri anyklamak üçin amatly giňişlik bolup durýar.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Owganystan boýunça meseleleriň giň toplumy, ynsanperwer kömegini bermek, adam hukuklary, howpsuzlygy üpjün etmek we terrorçylyga garşy göreşmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Uest, ýurduň owgan zenanlary we adam hukuklary boýunça ýörite wekili Rinoý Amiri gatnaşdy.
ORIENT news








