HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen senetçileri Bişkekdäki «Oimo-2023» halkara festiwalyna gatnaşýarlar

Iýul 27, 2023 | 22:05 |9549
Özbek keramiki gap-gaçlary, türkmenleriň adaty eşikleri, hindi
ussalarynyň keşdesi we başga-da köp owadan we gyzykly zatlar
Bişkekdäki senetçilik ýarmarkasynda görkezildi. XVII Halkara medeni
we senetçilik festiwaly «Oimo-2023» penşenbe güni Gyrgyzystanyň
paýtagtynda açyldy diýip, AKIpress habar berýär.Özbek keramiki gap-gaçlary, türkmenleriň adaty eşikleri, hindi
ussalarynyň keşdesi we başga-da köp owadan we gyzykly zatlar
Bişkekdäki senetçilik ýarmarkasynda görkezildi. XVII Halkara medeni
we senetçilik festiwaly «Oimo-2023» penşenbe güni Gyrgyzystanyň
paýtagtynda açyldy diýip, AKIpress habar berýär.
Çeşme: AKIpress

Özbek keramiki gap-gaçlary, türkmenleriň adaty eşikleri, hindi ussalarynyň keşdesi we başga-da köp owadan we gyzykly zatlar Bişkekdäki senetçilik ýarmarkasynda görkezildi. XVII Halkara medeni we senetçilik festiwaly «Oimo-2023» penşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagtynda açyldy diýip, AKIpress habar berýär.

Bişkek şäherindäki döredijilik çäresine her ýyl Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň, ABŞ-nyň we Meksikanyň ussalary gelýärler. Şeýle hem ýarmarka şäheriň ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar, senetçiler, dizaýnerler, medeniýwt we sungat işgärleri, döredijilik pudaklarynyň wekilleri gatnaşýar.

«Oimo» festiwalynyň ady gyrgyzçadan «milli nagyş» ýaly terjime edilýär. Maksat – dürli ýurtlaryň halk senetlerini we däp-dessurlaryny ýaýratmak, şeýle hem halklaryň medeni mirasyny gorap saklamak we däp bolan bilimleriň dowamlylygyny dikeltmek. Bişkegiň festiwal meýdançasy medeni mirasa esaslanýan senetçilik bazarynyň we döredijilik pudaklarynyň ösmegine itergi berýär, şeýle hem Gyrgyzystany ekologiýa taýdan arassa medeni syýahatçylygyň halkara sebite öwürýär diýip, habarda aýdylýar.

«Oimo» – Gyrgyzystanda 2006-njy ýyldan bäri geçirilýän halkara medeni festiwaldyr. Däp bolşy ýaly ol, iýul aýynyň ahyrynda Bişkekdäki ýarmarka bilen açylýar we Issyk-Kul kölüniň kenarynda dowam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026