Izmir we Bodrum MICHELIN gidiniň türk kartasyna goşuldy


Izmir we Bodrum MICHELIN gidiniň gözegçileriniň dykgatly ünsünde bolan iki täze türk çägi hökmünde Stambula goşulýarlar.
MICHELIN ýolgörkezijisiniň Izmir we Bodrum üçin restoranlarynyň birinji saýlawy Stambulda 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda MICHELIN ýol görkezijisiniň gowşurylyş dabarasy wagtynda yglan ediler.
«Stambulda geçen ýyl birinji duralgadan soňra biziň gözegçilerimiz Izmiri we Bodrumy özüniň ýol kartasyna goşmaga şat. Hakykatdan-da, bu iki şäher ýatdan çykmajak medeni we syýahatçylyk täsirleri üçin ajaýyp ýerler bolmak bilen çäklenmän, olar şeýle hem aşpezlik ussatlyklary bilen hem öwünip bilerler, bu bolsa olary açanyňa degýär. Eger-de Izmir we onuň töwerekleri ýerli terruary öwýän we köp ýaş aşpezleriň aşpezlik ussatlygyny görkezýän ajaýyp restoranlary hödürleýän bolsalar, Bodrum özüniň garbanyşhanalarynyň dürlüligi bilen şöhratlanýar, olardan köp däp bolup gelýäni we elýeterleri şäheriň merkezinde ýerleşendir, şol bir wagtda gymmatly şypahanalarda innowasion konsepsiýalary tapmak bolýar. Bu iki täze çägi MICHELIN ýol görkezijileriň maşgalasyna goşmak bilen, biz Türkiýe hakynda sypdyryp bolmajak gastronomiki ugur hökmünde maglumaty ýaýratmagy umyt edýäris» – diýip, MICHELIN ýol görkezijisiniň halkara direktory Gwendal Pullennek belliklerini aýtdy. Izmir we onuň töwerekleri, şol sanda ajaýyp etrap Urlanyň türkleriň egeý we ortaýerdeňiz aşpezçilik däplerinde we ýerli terruarda (toprak-howa faktorlarynyň we ýeriň häsiýetli aýratynlyklarynyň – relýefiň, windeliň güliniň, suw howdanlarynyň, tokaý massiwleriniň bolmagy, gurşap alýan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň jemleri, - çakyryň kesgitleýji görnüşi we aýratynlyklary) çuňňur kökleri bardyr. Gastronomik we moda laýyk restoranlardan döwrebap kofe jaýlaryna we däp bolup gelýän we meşhur garbanyşhanalara çenli Izmir özüniň aşpezçilik teklipleriniň dürlüligi bilen haýran galdyrýar. Köplenç ýerli ýaş aşpezleriň ýolbaşçylyk edýän köp sanly restoranlary Egeý deňziniň tagamlaryny, täze tutulan balygy we ýokumly ýeňil damaklary hödürleýärler.
Bodrum, Mugla şäherindäki ýokary derejeli meşhur türk syýahatçylyk ugurlarynyň biri özboluşly dürlüligi öwýän we deňiz önümlerinden edilen tagamlar, sowuk naharlar, halkara aşhanasynyň tagamlaryny hödürleýän türk restoranlarynyň utgaşygy bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde baý şypahanalar iň gowy gastronomiki täsirlere gönükdirilýärler.
Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý sözüniň üstüne goşdy: «Biz Stambuldan soňra Izmiriň we Bodrumyň hem «gastronomik şäherler» hökmünde öňe çykýanlygyna örän şat. Biz bütin dünýä öz zehinli aşpezlerimiz sebäpli esasynda durnukly ösüşiň konsepsiýasy ýatan özümiziň gastronomik medeniýetimiziň baýlygyny görkezip bileris, olar «fermadan nahar stolyna» çemeleşmesi bilen sebidiň iň ýokary hilli önümlerini birleşdirýärler. Izmire we Bodruma gelýänler bu ajaýyp naharlary dadyp görmek üçin Egeý sebidiniň pöwrize suwlaryna, çuňňur taryhy mirasyna, hyzmatlaryň hiline we kruiz syýahatçylygyndan başlap mawy syýahat bilen tamamlanýan çäksiz mümkinçiliklere haýran galarlar. Bu iki täze goşulma üçin biz örän şat, olar türk gastronomiki medeniýetiniň ösýän mümkinçiligini görkezýär we biz ýakyn ýyllarda muňa başga birnäçe şäherleriň goşuljakdygyna berk ynanýarys».
Gurşap alýan ähli ugurlarynda bolşy ýaly, MICHELIN ýol görkezijisi Izmiriň we Bodrumyň aşpezlik kartinasyny beýan edýär we MICHELIN ýol görkezijisiniň taryhy we köptaraply usulyýetiniň esasynda hödürlenilýän iň gowy restoranlary maslahat berýär. Anonim we garaşsyz gözegçileriň topary, pudagyň öňki kärine ökde, häzir bolsa Mişlen Toparynyň işgärleri tarapyndan işlenip düzülen bu usulyýet hödürlenýän azyk önümleriniň hiline gönükdirilýär, olar aşakdaky 5 ölçeg boýunça bahalandyrylýarlar:
– içine goşulýan zatlaryň hili; – azygy taýýarlamagyň tehnikasyny bilmek; – tagamlaryň sazlaşygy; – baş-aşpeziň şahsyýeti; – hem wagtda, şeýle hem ähli menýuda hemişelik.
ORIENT habarlar








