Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen Hazarüsti söwda ýolunyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşýar


Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça Tbiliside (Gruziýa) geçýän çärä gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Ulag-logistika merkeziniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynyň, «Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri girdiler.
Çäre ABŞ-nyň söwda Ministrliginiň täjirçilik hukugyny ösdürmek Maksatnamasy (CLDP) tarapyndan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça sebitleýin taslamanyň (TCTR) çäklerinde gurnaldy.
Iki günüň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň martynda bolup geçen taslamanyň birinji duşuşygynyň hödürnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar, esasy söwda ugurlarynyň kartasy bilen tanyş bolarlar. Delegatlar şeýle hem Hazarüsti söwda ýolunyň işlenip düzülmegine ýardam etmek boýunça halkara guramalaryň başlangyçlaryny diňlärler.
TCTR taslamasy sebitde ykdysady özarabaglanyşyklygy ösdürmek boýunça «C5+1 Diplomatiki platformasynyň» maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär. Onuň maksady – Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem Gruziýadan we Azerbaýjandan bolan hususy pudagyň gatnaşýan wekilleriniň arasyndan söwda ugurlarynyň iň gowy ssenarileri üçin hödürnamalary işläp düzmekdir; gümrük duzgünleriniň we araçäkden geçmegiň düzgünleriniň sazlaşygyny üpjün etmek, gyzyklanýan taraplaryň dialogyna ýardam etmek we Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmekde ylalaşykly sebitleýin çemeleşme boýunça pikirleri alyşmaga ýardam etmekdir.
2023-nji ýylyň 5-7-nji martynda Batumide (Gruziýa) Hazarüsti söwda ýoly boýunça birinji duşuşyk bolup geçdi. Mejlisiň barşynda multimodal söwda ugurlarynyň netijeli ssenarileri üçin hususy pudagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde gatnaşyjylar 14 hödürnamany işläp düzdiler we kabul etdiler.
ORIENT habarlar








