Emeli intellektiň gülläp ösmegi gymmatly kagyzlar bazarynda boşluk döretmedi


Emeli intellekt bilen işleýän tehnologiýalar gymmat bahaly kagyzlar bazarynda häzirlikçe boşlugyň emele gelmegine getirmedi. Bu barada halkara synçy Tom Liniň sözlerine salgylanyp, “Investing.com” internet neşiri habar berýär.
Synçy emeli intellektiň döredip biljek boşlugyny 1995 – 2001-nji ýyllarda dotkomlaryň emele getirn boşlugy bilen deňeşdirýär. Şonda käbir kompaniýalaryň bahasy 102 900% artypdy.
Häzirki wagtda emeli intellekt bilen işleýän tehnologiýalaryň meşhurlyga eýe bolmagy bilen, käbir kompaniýalaryň bahasy diňe 323 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji öz gezeginde gymmat bahaly kagyzlar bazarynda boşlugy emele getirmeýär.
Döwründe dotkomlaryň degişli bazarda boşlugy emele getirmeginiň esasy sebäbi internetiň ulanylyşynyň geriminiň giňemegi bilen baglanyşyklydyr. Netijede, bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň bahasy görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanyp, gymmat bahaly kagyzlar bazarynda boşlugy emele getiripdi.
2000-nji ýylda bolsa, dotkomlaryň bahasy aşak düşüp, internet ompaniýalar öz paýnamalaryny arzan nyrhda satmaga başladylar. Bu bolsa, gymmat bahaly kagyzlar bazarynyň işini çylşyrymlaşdyrdy. Iki ýylyň içinde “NASDAQ” birža bazary özüniň maýasynyň 80 göterimine golaýyny ýitirdi.
ORIENT news








