HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasy GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna taýýarlyk görýär

Iýul 26, 2023 | 16:18 |16277
Belarus Respublikasy şu ýylyň 4 – 14-nji awgusty aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň II oýunlaryna taýýarlyk görýär. Ýurduň Gomel şäherindäki kärhanalar oýunlara bagyşlanan brend önümlerini öndürýärler diýip, “BelTA” habarlara agentligi mälim edýär.Belarus Respublikasy şu ýylyň 4 – 14-nji awgusty aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň II oýunlaryna taýýarlyk görýär. Ýurduň Gomel şäherindäki kärhanalar oýunlara bagyşlanan brend önümlerini öndürýärler diýip, “BelTA” habarlara agentligi mälim edýär.
Çeşme: belta.by

Belarus Respublikasy şu ýylyň 4 – 14-nji awgusty aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň II oýunlaryna taýýarlyk görýär. Ýurduň Gomel şäherindäki kärhanalar oýunlara bagyşlanan brend önümlerini öndürýärler diýip, “BelTA” habarlara agentligi mälim edýär.

Gomel şäheriniň “Spartak” härhanasy ýüzünde GDA- ýurtlarynyň II oýunlarynyň nyşany ýerleşdirilen süýji we köke önümleriniň ýörite gaplamasyny hödürleýär. Mälim edilşine görä, içinde süýjülikler ýerleşdirilen şeýle gaplamalaryň 50 müňden gowragy taýýarlanyldy. “8-nji mart” dokma we tikinçilik kärhanasy bolsa ulular we çagalar üçin jempirleriň, şortylaryň birnäçe görnüşlerini öndürdi. Fabrika şeýle hem erkekler we zenanlar üçin joraplary öndürýär. Oýunlaryň alamaty hökmünde öndürilýän önümleriň ýüzüne oýunlaryň nyşany ýa-da “Güýçli häsiýet, ajaýyp oýun” atly şygary görkezilýär. Bu önümleriň ilkibaşda 5 müň sanysy sarhyt edilen hem bolsa, häzir onuň sany 10,4 müňe ýetirildi.

Dobruşsk farfor zawody öz gezeginde oýunlaryň nyşanlary brendlenen gap-gaç önümlerini çykardy. Dürli görnüşli tarelkalarda oýunlaryň baş nyşany şekillendirilipdir. “Reçisk tekstil” kärhanasy bolsa Oýunlaryň nyşany şekillendirilen polotensa önümlerini hödürleýär.

Gomeliň köçelerinde Oýunlaryň nyşany we şekili bilen bezelen awtobuslary we trolleýbuslary görmek bolýar. Oýunlaryň sowgatlyk önümleri ýaryşlaryň geçirilýän ýerinde dörediljek janköýerler zonasynda satuwa çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026