Wan I gaýtadan Hytaýyň daşary işler ministri boldy
Iýul 25, 2023 | 18:02 |4721


Hytaýyň parlamenti Hytaýyň ozalky daşary işler ministri Wan Ini gaýtadan bu wezipä saýlady. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi habar berýär. Wan I ýuduň öňki daşary işler ministri Sin Ganyň ornuna bu wezipä girişdi. Hytaýyň ABŞ-daky ozalky ilçisi Sin Gan bu wezipede 1 ýyldan hem az wagt zähmet çekdi.
Täze daşary işler ministri Wan Iniň syýasy ulgamda ýeterlik tejribesi bar. Ol köp ýyllap partiýa işlerinde işläp, daşary syýasat edarasynyň hatlar bölümine ýolbaşçylyk etdi. Ol Hytaýyň taryhynda iň ýaş daşary işler ministri saýlanyp, bu wezipede 9 ýyl zähmet çekdi.
Wani I 2021-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen hem gelipdi.
ORIENT news








