HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň gurluşlary bilen integrirleşmäni ösdürýär

Iýul 22, 2023 | 21:58 |8077
Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri
boýunça Milli komissiýanyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri
boýunça Milli komissiýanyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyk wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, degişli pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, Komissiýanyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň we maslahata wideoaragatnaşyk arkaly goşulan Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ýurdumyzyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşykda 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň guramaçylygy we ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň maksatnamalaryna, torlaryna we edaralaryna goşulmagy babatdaky meselelere garaldy.

Hususan-da, mejlisiň gün tertibinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Global ýaşlar jemgyýetine goşulmak meselesi bar. Bu inklýuziw platforma ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyga we nesilleriň arasynda okuwa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Türkmenistan Ýüpek ýoly boýunça ÝUNESKO-nyň taslamasynyň çäginde döredilen Merkezi Aziýany öwreniş halkara instituty baradaky Ylalaşyga goşulmagy meýilleşdirýär. Merkezi Aziýany öwreniş halkara instituty 1995-nji ýylda Özbegistanyň Samarkand şäherinde açyldy. Instituty döretmek hakyndaky ylalaşyga Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Koreýa, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan gol çekdi. 2020-nji ýylda oňa Mongoliýa hem goşuldy.

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň taryhy we medeni ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden we sebiti köp ugurly öwrenmek arkaly ýerli alymlaryň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybarat.

Şeýle hem Türkmenistan Russiýanyň Moskwa şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO- nyň Bilim pudagynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Bilim pudagynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026