Hazarýaka we Ýakyn Gündogar sebitlerinden Ýewropa gaz iberilişi artdyrylar


Hazarýaka we Ýakyn Gündogar sebitlerinden Günbatara Ýewropa tebigy gaz ibermek üçin gurlan Transadriatik turbageçiriji konsorsiumy “mawy ýangyjyň” iberilişini artdyrmak üçin işe girişdi. Bu barada “Trend” habarlar agentligi konsorsiumyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Konsorsium Gresiýanyň Kipoi şäherindäki gaz gysyjy desga goşmaça gaz gysyjy agregaty goşmak bilen, ol ýerdäki enjamalaýyn düzümi döwrebaplaşdyrar. Bu boýunça işlere eýýäm girişildi.
Transadriatik turbageçiriji konsorsiumynyň müdiriýetiniň direktory Luka Skýepatti täze gas gysyjy stansiýalaryň we düzümleriň işe girizilmegi bilen degişli turbageçiriji arkaly tebigy gazyň iberilişini ýylda 20 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer.
Transadriatik turbageçiriji konsorsiumy Günorta gaz geçirijisiniň ýewropa bölegi bolup durýar. Onuň üsti bilen ýylda 8 milliard kub metr gaz Italiýa, 1 milliard kub metr gaz hem Gresiýa we Bolgariýa iberilýär.
ORIENT news








