Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyga baha berdi


Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleri bilen ösdürilýän hyzmatdaşlyga oňyn baha berdi. Bu barada “Trend” habarlar agentligi Şuşa şäherinde geçirilen ählumumy mediaforumyna salgylanyp habar berýär.
Prezident Ilham Aliýewiň bellemegine görä, ol geçen we şu ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçesine sapar bilen bardy. Öz gezeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Azerbaýjana sapar bilen geldiler. Ýylyň ahyryna çenli bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýene birnäçesiniň Azerbaýjana sapar bilen barmagyna garaşylýar.
Prezident Aliýewiň belleýşi ýaly, Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we bu taslamalary amala aşyrmakda bitewi maliýe mehanizmini döretmek boýunça iş alyp barýar. Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolupdy.
ORIENT news








