Azerbaýjana saglygyny bejertmek üçin gelenlere ýeňillik dörediler
Iýul 21, 2023 | 17:27 |7544


Azerbaýjan Respublikasyna saglygyny berkitmek üçin baran daşary ýurtly syýahatçylar goşulan baha üçin salgytdan boşadylyp bilner. Bu barada “Trend” habarlar agentligi ýurduň Saglyk we bejeriş syýahatçylygy assosiasiýasynyň başlygy Ruslan Guliýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Bu lukmançylyk maksatly gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin amatly we bäsleşige ukyply gurşawy döretmek maksady bilen girizilýär. Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda 919 296 daşary ýurtly syýahatçy Azerbaýjana barypdyr. Bu babatda diňe iýun aýyndaky görkeziji 205 910 syýahatça deňdir.
ORIENT news








