Fransiýa Olimpiýa oýunlaryna geljek myhmanlary nusgalyk derejede garşylamagy maksat edinýär


Öňümizdäki 2024-nji ýylda Fransiýada tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Ýurduň Prezidenti Immanuel Makron oňa geljek myhmanlary nusgalyk derejede garşylamak boýunça ýörite döwlet resminamasynyň işlenip taýýarlanjakdygyny mälim etdi.
Olimpiýa we Paralimpiýa Geňeşiniň mejlisine ýolbaşçylyk eden Makron we oýunlary guraýjy komiteteriň ýolbaşçylary Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýurda gelýän syýahatçylaryň artmagy bilen bagly ýagdaýlara jogap bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Oýunlary guraýjylaryň meýilnamasynda syýahatçylaryň ýaşajak ýerlerinde bahalary gözegçilikde saklamak, myhmanlarda we restoranlarda ýerleri öňünden bronlamak, muzeýlere onlaýn biletleri satyn almak we ulag ugurlaryny bilmek hyzmatlaryny özünde jemleýän ýörite mobil goşundysyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hereketi çäkli syýahatçylar üçin paýtagt şäherde 5 müň sany myhmanhana otagy bölünip goýlar. Tomusky Olimpiýa oýunlary geljek ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty, Paralimpiýa oýunlary hem 28-nji awgustdan 8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.
ORIENT news








