HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Küşt boýunça Aziýa çempionatynda altyn bar! Jemi türkmen okuwçylarynda 7 medal

Iýul 21, 2023 | 00:11 |10829
Daşkentde, küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 17-nji Aziýa
çempionaty penşenbe güni, 20-nji iýulda tamamlandy. Bu gün, ýaş türgenler tutuş
oýun üçin 3 minut wagt gözegçiligi we her hereketi üçin 2 sekunt goşmak bilen blits
ýaryşyna gatnaşdylar. Küştiň bu görnüşi, oýun wagtynda çalt we hatda ýyldyrym
çaltlygy bilen karar bermegi talap edýär.Daşkentde, küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 17-nji Aziýa
çempionaty penşenbe güni, 20-nji iýulda tamamlandy. Bu gün, ýaş türgenler tutuş
oýun üçin 3 minut wagt gözegçiligi we her hereketi üçin 2 sekunt goşmak bilen blits
ýaryşyna gatnaşdylar. Küştiň bu görnüşi, oýun wagtynda çalt we hatda ýyldyrym
çaltlygy bilen karar bermegi talap edýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan berildi

Daşkentde, küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 17-nji Aziýa çempionaty penşenbe güni, 20-nji iýulda tamamlandy. Bu gün, ýaş türgenler tutuş oýun üçin 3 minut wagt gözegçiligi we her hereketi üçin 2 sekunt goşmak bilen blits ýaryşyna gatnaşdylar. Küştiň bu görnüşi, oýun wagtynda çalt we hatda ýyldyrym çaltlygy bilen karar bermegi talap edýär.

Küştçilerimiz üç medal gazandy we olaryň biri iň ýokary derejedir. 17 ýaşa çenli (U17) oglanlar kategoriýasynda bäsleşen Aşgabatly Amanmuhammet Hommadow, mümkin bolan 7-den nutukdan 6,5 nutuk toplap, münberiň ýokary basgançagyna çykdy we bu çempionatda Türkmenistanyň gaznasyna altyn medal getirdi.

2 Seyilhanova - blits - 2.jpg

Beýleki iki medal Türkmenabat şäherinden Gulmira Seýilhanowa we Mähri Agamyradowa gazandy. Klassiki wagt düzgünleri bilen şowly bolmadyk ýaryşdan soň dikelmegi başaran Gulmira, mümkin bolan 7 nutukdan 5,5 nutuk bilen 15 ýaşa çenli (G15) gyzlar kategoriýasynda blitsde ikinji ýeri eýeledi.

Bir gün öň klassikde kümüş medal gazanan Mähri, şu gün mümkin bolan 7 nutukdan 5 nutuk bilen kümü" üstünligini gaýtalady.

3 Agamuradova -blits - 1.jpg

11 ýaşa çenli (U11) oglanlaryň kategoriýasynda Mary şäherinden ýaş zehin Alihan Batyrow bäş oýundan soň 100 göterim netije gazandy we ýaryşda öňdeligi eýeledi. Emma Alihan soňky iki oýny şowsuz oýnady we iki oýunda-da utulyp, bu çempionatda ikinji gezek dördünji setirde soňky orny eýeledi.

4 Batyrov Alihan.jpg

Daşoguz welaýatyndan beýleki ýaş türgenimiz 9 ýaşa çenli (U9) oglanlaryň kategoriýasyna gatnaşan Omarbek Ismailowda hem şowsuzlyk boldy. Soňky tapgyrdan öň Omarbek mümkin bolan 6-dan 4,5 nutuk toplap, ýaryş jetweliniň üçünji hataryndady, ýöne soňky oýunda utulyp, aşak düşdi.

Blits ýaryşynda, gynansak-da, Läle Şöhradowa G17 kategoriýasynda umytlary ödemedi. Bu çempionatda eýýäm iki medal - kümüş we bürünç gazanan Läle, mümkin bolan 7 nutukdan 5 nutuk toplap, ýaryş jetweliniň dördünji hataryna çykdy.

5 Shohradova - blits - 2.jpg

Blits ýaryşynyň netijelerine görä, G9 kategoriýasynda Aýýa Baýramowanyň 4-nji ýerini (7-den 5-si, Türkmenabat), G11 kategoriýasynda Nebahat Myradowanyň 6-njy ýeri (7-den 4,5-si, Türkmenabat) we Enejan Çarygeldýewanyň 6-njy ýeri (7-den 4-si) bellärliklidir.

6 bayramova - 1.jpg

Umuman alanyňda, bu çempionatda türkmen mekdep okuwçylary wagt gözegçiliginiň üç görnüşinde - bir altyn, dört kümüş we iki bürünç bilen ýedi medal gazandylar. Her ýyl 20-nji iýulda bellenilýän Halkara küşt gününde ýaş küştçiler watandaşlarymyza mynasyp sowgat berdiler diýip arkaýyn aýdyp bileris.

7 Nebahat Muradova - 1.jpg

Çempionata Aziýa we Awstraliýa yklymlarynyň 17 ýurdundan, şol sanda Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan we Russiýa ýaly döwletlerden küştçiler gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026