HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maý aýynda Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksporty 5 göterim artdy

Iýul 20, 2023 | 16:48 |8562
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan 2,73 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport edip, bu baradaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokarlandy.Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan 2,73 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport edip, bu baradaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokarlandy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan 2,73 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport edip, bu baradaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5 göterim ýokarlandy. Bu barada “Interfaks” habarlar agentligi Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Maý aýynda Hytaý daşary ýurtlardan jemi 13,51 milliard kub metr tebigy gazy import etdi. Bu maý aýy üçin iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bellenişine görä, koronawirus çäklendirmeleri aradan aýrylandan soň, ýurduň depginli ösüşi göze ilýär. Ýakynda geçen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde Prezident Serdar Berdimuhamedow hytaý ugry boýunça energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Öz gezeginde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň iberilişini artdyrmak üçin 4-nji turbageçiriji şahanyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň möhümdigini goldady. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026