HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ukrainanyň ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna hoşallyk hatyny iberdi

Iýul 19, 2023 | 22:22 |10221
Ynsanperwerlik kömegi üçin Ukrainadan hoşallyk haty Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasyna iberildi. Bu haty gowşurmak üçin ukrain ilçisi Wiktor
Maýko gaznanyň ýerleşýän ýeri – Arkadag şäherine geldi.Ynsanperwerlik kömegi üçin Ukrainadan hoşallyk haty Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasyna iberildi. Bu haty gowşurmak üçin ukrain ilçisi Wiktor
Maýko gaznanyň ýerleşýän ýeri – Arkadag şäherine geldi.
Çeşme: orient.tm

Ynsanperwerlik kömegi üçin Ukrainadan hoşallyk haty Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna iberildi. Bu haty gowşurmak üçin ukrain ilçisi Wiktor Maýko gaznanyň ýerleşýän ýeri – Arkadag şäherine geldi.

1.jpg

Şeýle hem, bu çärä wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew, haýyr-sahawat gaznasynyň geňeşiniň agzalary hem gatnaşdy.

2.jpg

Türkmenistan şu ýazda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Ukrainadaky çagalara ynsanperwerlik kömegini iberdi. Olar dermanlar we lukmançylyk serişdelerinden, dokma önümleri we azyk önümlerinden durýar.

3.jpg

«Ukraina ynsanperwerlik kömegi bermek, halkymyzyň ozaldan gelýän adamkärçilik ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany bolan dostluk hereketidir», - diýip Raşid Meredow dabarada aýtdy. Ol, gaznadan ynsanperwer kömeginiň ýer titremelerinde ejir çeken çagalar üçin Türkiýä we Owganystana iberilendigini ýatlatdy. «Bu, türkmen halkynyň dostlugynyň, mätäçlere duýgudaşlyk we ýardam bermek ukybynyň aýdyň tassyklamasy», -diýip DIM-niň ýolbaşçysy nygtady.

4.jpg

Ilçi Wiktor Maýko, ukrain halkynyň adyndan berlen ynsanperwer kömegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Diplomat ukrain çagalarynyň we lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda Belozerskiý hassahanasy, Kiýewiň «Ohmatdet» çagalar hassahanasynyň adyndan hoşallyk hatlaryny, şeýle hem Ukrainanyň dürli sebitlerinden haýyr- sahawat gaznasyna iberilen suratlary gowşurdy.

5.jpg

Hoşallyk hatlaryny kabul eden çagalar sagldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory Maýa Okuzowa, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň muzeýine ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Ukrainanyň ilçisi üçin Arkadag şäherindäki çagalar sagldyş-dikeldiş merkeziniň çägine tanyşdyryş gezelenji guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

23:15 Iýul 17, 2026
«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

23:05 Iýul 17, 2026
Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

22:50 Iýul 17, 2026