HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Braziliýanyň täze ilçisi Aşgabat şäherine geldi

Iýul 19, 2023 | 20:07 |5636
Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (ýerleşýän ýeri Astanada)
Rubema Antonio Korrea Barboza çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary
işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe ynanç hatynyň nusgalaryny
gowşurdy. Ministriň orunbasary, diplomaty jogapkär wezipä bellenmegi
bilen gutlap, türkmen tarapynyň diplomatik missiýasynyň ýerine
ýetirilmeginde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (ýerleşýän ýeri Astanada)
Rubema Antonio Korrea Barboza çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary
işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe ynanç hatynyň nusgalaryny
gowşurdy. Ministriň orunbasary, diplomaty jogapkär wezipä bellenmegi
bilen gutlap, türkmen tarapynyň diplomatik missiýasynyň ýerine
ýetirilmeginde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (ýerleşýän ýeri Astanada) Rubema Antonio Korrea Barboza çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary, diplomaty jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň diplomatik missiýasynyň ýerine ýetirilmeginde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibinde pikir alyşma geçirildi. Taraplar döwletara formatda we abraýly halkara gurluşlaryň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy energetika, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňelmegi, sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026