“Meta” we “Microsoft” intellektual dil döretdiler


“Meta” we “Microsoft” kompaniýalary “Llama 2” diýlip atlandyrylýan intellektual dil modelini döretdiler. Ol söwda we ylmy-barlag işlerinde ulanylyp bilner.
“Llama 2” intellektual dili kompaniýalara çat-botlary we surat generatorlaryny döretmäge ýardam berýär. Üstesine ol ýalňyşlyklary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Bu intellektual dil tölegsiz ýaýradylyp, onuň funksional hyzmaty öňki model bilen deňeşdireniňde iki esse artdyrylar. Täze dil şu görnüşde taýýarlanylan öňki intelektual dillerden has tapawutly bolar. “Microsoft” kompniýasy bu dil modelini “Azure AI” katalogynda bulut tehnologiýalary bilen işleýän enjamlarda düzümi filtrlemek ýaly işde ulanmak üçin elýeterli eder. Bu dil “Windows” ulgamy ornaşdyrylan kompýuterlerde ulanylyp bilner.
“Llama-nyň” ilkinji nusgasy alymlar üçin niýetlenilipdi.
ORIENT news








