Ýaş türkmenistanlylar Beýik Britaniýadaky okuwlara çagyrylýar


Ýaş türkmenistanlylar Beýik Britaniýadaky Jon Smit adyndaky Gaznanyň okuw maksatnamasyna gatnaşyp bilerler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň “Instagram” hasabynda habar berýär.
Okuw maksatnamasy dolandyryş, jemgyýet adalatlylygy, kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlarda Beýik Britaniýanyň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik alarlar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Şotlandiýada bir hepde, London şäherinde hem üç hepde kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşarlar.
Bu okuw maksatnama gatnaşýan her bir agza üçin alan bilimine we iş salyşýan ugry boýunça ýörite maksatnama taýýarlanýar. Gyzyklanma bildirýän taraplar öz arzalaryny 31-nji iýula çenli şu salgy boýunça tabşyryp bilerler:
Jon Smit adyndaky Gazna 1996-njy ýylda esaslandyryldy. Jon Smit Birleşen Patyşalygyň uly hormata eýe bolan syýasy işgärleriniň biridir.
ORIENT news








