Dubaýda iň belent ikinji gökdirän binasy gurlar
Iýul 17, 2023 | 17:56 |8567


Dubaý şäherinde belentligi boýunça dünýäde ikinji ýerde durjak gökdirän desgasy gurlar. Bu barada “Azizi Developments” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Farhad Azizi özüniň “Twitter” hasabynda mälim edýär.
Täze gökdiräniň ady we anyk beýikligi heniz mälim edilmeýär. Ol Dubaý şäheriniň baş we iň giň köçesi bolan Şeýh Zaýed köçesiniň ugrunda bina ediler.
Gurluşyk meýilnamasyna laýyklykda, täze gökdirän Kuala-Lumpur şäherindäki “Merdeka 118” binasyndan, beýikligi 678 metre ýetýän Şanhaý şäherindäki binadan belent bolar.
Belli bolşuna görä, dünýäniň iň belent gökdiräni hem Dubaý şäherinde ýerleşýär. Belentligi 828 metre ýetýän bu gökdiräniň 163 gaty bar.
ORIENT news








