HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kabul ýerli telekeçileri goldamak üçin halkara sergi-ýarmarkasyny geçirýär

Iýul 17, 2023 | 00:21 |7277
Ýekşenbe güni, 16-njy iýulda Kabulda ýüzlerçe ýerli täjirleri, iri we kiçi owgan kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergi ýarmarkasy açyldy. Mundan başga-da, Eýrandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen senagatçylar önümlerini sergide hödürlediler diýip, TOLOnews habar berýär.Ýekşenbe güni, 16-njy iýulda Kabulda ýüzlerçe ýerli täjirleri, iri we kiçi owgan kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergi ýarmarkasy açyldy. Mundan başga-da, Eýrandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen senagatçylar önümlerini sergide hödürlediler diýip, TOLOnews habar berýär.
Çeşme: tolonews.com

Ýekşenbe güni, 16-njy iýulda Kabulda ýüzlerçe ýerli täjirleri, iri we kiçi owgan kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergi ýarmarkasy açyldy. Mundan başga-da, Eýrandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen senagatçylar önümlerini sergide hödürlediler diýip, TOLOnews habar berýär.

Yslam Emirliginiň (Talybanlar döwlete şeýle diýýärler) resmileri bu serginiň maksady içerki önümleri goldamak we mahabatlandyrmakdygyny aýtdylar.

2-3.jpg

Yslam Emirliginiň lideri Mawlawi Hibatulla Ahundzade sergä ugradan seslenmesinde hususy pudagy daşary ýurt maýa goýumlaryna we daşarky kömege bil baglamazlyga, daşary ýurtly telekeçileri bolsa, bu ýurda maýa goýup, kompaniýa döretmäge çagyrdy.

Premýer-ministriň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar, häzirki wagtda «islendik beýleki döwürler bilen deňeşdirilende» maýa goýum we magdan gazmak üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

3-4.jpg

Ýarmarkada 600 stend görkezilip, 22-nji iýula çenli dowam eder.

«Soňky ykdysady maglumatlar ykdysadyýetiň durnuklaşandygyny, inflýasiýanyň subsidirlenýändigini, çalşyk hümmetiniň durnuklydygyny we söwdanyň ösýändigini görkezýär. Şol sebapden gutlaýaryn. Elbetde, bu üstünlikleriň hemmesi entek ýeterlik däl. Biz azyk howpsuzlygy, giň ýaýran garyplyk we eklenç ýaly uly kynçylyklary ýeňip geçmek üçin Owganystana goldaw bermelidiris»,-diýip Owganystanda ÝB işlerinde wagtlaýyn wekili Rafawella Lodiçe aýtdy.

4-3.jpg

«Bu sergi Owganystandaky ilkinji we iň ulusy bolup, ilkinji gezek ýerli, sebitleýin we halkara telekeçiler, maýadarlar we senagatçylar üçin gatnaşmak we pikir alyşmak mümkinçiligini döredýär», - diýip Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Tawakal Ahmadyar belledi.

Ýakynda Hytaýdan soň Türkiýe hem Owganystanda magdan gazmaga gyzyklanma bildirip başlady. Türk telekeçileri geçen hepde magdançylyk we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar bilen geçirilen duşuşykda öz niýetleri barada gürrüň berdiler.

5-3.jpg

Ondan öň şuňa meňzeş teklipler hytaýly telekeçiler tarapyndan edilipdi. Hususan-da, Hytaý-Owgan FAMPTC BK, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna, şol sanda elektrik öndürmek, sement zawodynyň gurluşygy we saglygy goraýyş üçin 350 million dollar maýa goýar.

Owganystandaky nebit pudagynyň ösüşine şu ýyl 162 million dollar we üç ýylda 540 million dollar maýa goýjak Hytaýyň energiýa ägirdi CNPC ýardam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026