Manežde we gümmeziň aşagyndaky jady: Aşgabatda rus sirkiniň çykyşlary dowam edýär


Wernadskiý prospektindäki Uly Moskwa döwlet sirkiniň rus artistleriniň we Swetnoý bulwaryndaky Moskwanyň Nikulin sirkiniň Türkmenistanda çykyşlary dowam edýär. Olar çykyşlaryna iýun aýynyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň täze sirkinde başladylar we häzir bolsa Aşgabatda çykyş edýärler.
Sirk çykyşy – bu tomaşaçylaryň, ulularyň we çagalaryň öz smartfonlaryny ýatdan çykaryp, täsirlere doly boýun bolýan ýagdaýlaryndan biridir. Mysal üçin, bu ýerde ilkinji minutlardan demiňi saklaýan akrobatik çykyş bar. Sirkiň gümmeziniň aşagynda bir oglan we bir gyz, inçe kanat bilen ýöräp, agyrlyk güýjüne garşy ajaýyp tärleri ýerine ýetirip, owadan söýgi hekaýasyny gürrüň berdiler.
Illýuzionistler hem gylyç zyňmak, gulplanan gutudan adamyň ýitmegi we klassiki «kesmek» bilen ýiti duýgulary saklap, tomaşaçylara gowşamaga mümkinçilik bermediler.
Haýwanlar hem az artistlik görkezmediler. Haýwan tälimçisi Baýram Ataýew aýy Masýanýa bilen meýdançada peýda bolup, tomaşaçyny rus ertekisine geçirdi.
Çaýşyk daban aýysy towlanýar, öň penjelerinde durýar, samokat sürýär, beýik basgançaga çykýar. Tälimçi Ataýew tomaşaçylaryň nädip ünsüni çekmelidigini bilýär we çykyşyny gysga, ýöne gyzykly geçirýär.
Howa gimnastikaçysy Alýona Swetkowa hem guşaklar bilen haýran galýar. Ol sirkiň gümmeziniň aşagynda uçýar, hatda iň ynamsyz tomaşaçylaram haýranlykdan demini saklaýarlar.

Sinhronlyk, ajaýyplyk we güýç Prilepiniň ýolbaşçylygyndaky akrobatik dörtlik tarapyndan görkezildi. Ýaş artistlwer täsirli tärler bilen doldurylan ajaýyp çykyş görkezdiler.

Sirk žanrlarynyň çalşygynyň arasynda kloun Boris Nikişkin tomaşaçylaryň ýüregini gysdyrmady. Ol aýdym duelleri bilen tomaşaçylary özüne çekdi.
Arakesmeden soň, görmegeý ýyrtyjylar bilen gyzykly görkeziş boldy.
Iň ýokary netije, ökde tälimçi Rostislaw Gawriliniň ýolbaşçylygynda ähli buýruklary ýerine ýetirip, mähirli pişiklere öwrülen gaplaňlar bilen ýolbarsyň çykyşy boldy.
Jemleýji çykyşda manežiň eýeleri – meşhur «Galkynyş» jigitler topary bardy. Batyrgaý oglan we gyz çapyksuwarlar üýtgeşik hileleri bilen edermenlik, başarjaňlyk we manežde bedewler bilen ajaýyp özara baglanşygy görkezip tomaşaçylary geň galdyrdylar.

Rus sirkiniň sungat işgärleri, öz çykyşlaryny 7-nji awgusta çenli ýerine ýetirýän ýerinde – türkmen paýtagtynda onuň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlemän, eýsem ilkinji gezek ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna-da bararlar.
Olar 9-18-nji awgust aralygynda Daşoguz welaýatynda, 22-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli - Lebapda, 3-12-nji sentýabr aralygynda Maryda, 15-25-nji sentýabr aralygynda – Balkanda bolarlar. Çykyşlar «Türkmeniň ak öýi» konsert meýdançalarynda geçer.
Artur PETROSÝANS








