Ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 25 göterime golaý ösdi


Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Bu barada ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde mälim etdi.
Ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Bellenilişi ýaly, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler dowam edýär.
ORIENT news








