HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilat ýazuwyna görä Türkmenistanyň ilaty 7 milliondan gowrak

Iýul 15, 2023 | 01:41 |40456
Türkmenistanyň umumy ilaty 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä 7 057
841 adam boldy.Türkmenistanyň umumy ilaty 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä 7 057
841 adam boldy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň umumy ilaty 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä 7 057 841 adam boldy.

Iň gür ilatly günorta, Mary welaýaty - 22,9 göterim. Ikinji ýerde demirgazyk sebiti, Daşoguz welaýaty – 22 göterim. Gündogar sebitinde, ýagny Lebapda ýurdumyzyň ilatyň 20,5 göterimini tutýar. Paýtagtymyz Aşgabatda - 14,6 göterim, Ahal - 12,5 göterim we ýurdumyzyň günbatarynda, Balkanda - 7,5 göterim.

Gender düzüminde bu gatnaşyk deň diýilsede bolýar. Aýallaryň birneme artykmaçlygy – 50 göterimden gowrak. Şäheriň ýaşaýjylary – 47,1 göterim bolup, oba ilaty 52,9 göterim.

Şeýle sanlar Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwynyň netijeleriniň jemi boýunça agzaldy.

Ilat ýazuwyna görä, ýaşaýyş jaýlarynyň (köp gatly) sany 1 million 5 müň 671 bolup, 2012-nji ýyldaky (öňki ilat ýazuwy) derejesinden 12,4 göterim ýokary, ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268 bolup, 13,6 göterim köp we umumy meýdany 24,5 göterim artdy.

Sanly tehnologiýalaryň birikmesi bilen ilat ýazuwyny taýýarlamak we geçirmek üçin usulyýet görkezmeleri halkara ülňülerine laýyklykda işlenip düzüldi we BMG Ilat gaznasynyň hünärmenleri tarapyndan ýokary baha berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026