Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanyň dört welaýatyna täze ýolbaşçy bellendi

Iýul 14, 2023 | 23:34 |95612
Türkmenistanyň bäş welaýatyndan dördüsiniň ýolbaşçylary, has takygy Ahal,
Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimleri çalşyldy.Türkmenistanyň bäş welaýatyndan dördüsiniň ýolbaşçylary, has takygy Ahal,
Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimleri çalşyldy.
Çeşme: tv.online.tm

Türkmenistanyň bäş welaýatyndan dördüsiniň ýolbaşçylary, has takygy Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimleri çalşyldy.

Welaýat dolandyryş ulgamynda täze ýolbaşçylary bellemek hakynda kararlary Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni giňişleýin hökümet mejlisinde yglan etdi.

Hususan-da, döwlet baştutany Ýazmuhammet Gurbanowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Röwşen Hojagulyýew bellenip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine Hojamyrat Aşyrmyradow bellenip, ol Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Nazarmyrat Nazarmyradow, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Soltanmyrat Soltanmyradow bellenip, ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Döwranberdi Annaberdiýew, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Begençmyrat Orazow bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026