Özbegiýanyň Hywa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi


Hywa 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi. Bu karar penşenbe güni Bakuwda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XI mejlisinde kabul edildi. Bu barada Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Özbek şäherinde ýylyň dowamynda syýahatçylyk ministrleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 57 ýurduň syýahatçylyk administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisleri, konferensiýalar, seminarlar, surat sergileri we beýleki medeni çäreler geçiriler.
Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty ady üçin Hywa bilen birlikde, Abu Dabi (BAE), Şanlyurfa (Türkiýe), Lagos (Nigeriýa) we Duşanbe (Täjigistan) ýaly ýene dört şäher bäsleşdi.
ORIENT news








